Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Russiýa Federassiýasynyň Daşary işler ministrligi, Ermenistandaky ilçisi Sergeý Kopirkiniň, geňeşmeler üçin yzyna çagyrlandygyny mälim etdi.

Degişli kararyň näme sebäpli kabul edilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.

Russiýa bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklar, Garabagdaky çaknyşyklaryň güýçlenmegi sebäpli dartgynlaşdy.

Ýerewan resmi Moskwanyň, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agzadygyna garamazdan özüne goldaw bermeýändigini öňe sürýär.

Russiýa bolsa Ermenistanyň Ýewropa bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmegine alada bildirýär.

Russiýa Federassiýasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa, “Ermenistany Günbataryň howply meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde ulag hökmünde ulanýarlar” diýipdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan fewral aýynda ýurdunyň Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasyna agzadygyny bes edipdi.

Ýene degişli makalalar

Ermensitan Öz Ýalňyşlyklarynyň Jogapkärçiligini Başgalarynyň Üstüne Ýükleýär
R.Meredow Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşar
Mariýa Zaharowa Hamasa minnetdarlyk bildirdi
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı
“Sebitde Ýüze Çykyp Biljek Haýsydyr Bir Dartgynlyk Gaza Sektoryndaky Ýagdaýy Has-da Agyrlaşdyrar”