Russiýa: "Donetskdäki Memrik obasyny ele geçirdik" diýdi

Russiýa: "Donetskdäki Memrik obasyny ele geçirdik" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berildi.

Rus goşunynyň Ukrainadaky frontda öňe gidişlik etmäge dowam edýändigi bellenen beýanatda: "Merkezi Harby birikmeleri işjeň operasiýalarynyň netijesinde Donetsk Halk Respublikasynyň Memrik ýaşaýyş zolagyny azat etdi" diýip habar berildi.

Soňky 24 sagatda 148 aýry ýerde ukrainaly esgerleriň we harby enjamlaryň ýerleşýän ýerlerine hüjümler guralandygy bellenen beýanatda, Ukraina degişli 145 uçarmansyz howa ulagynyň rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Beýanatda: "Harby operasiýanyň başlan gününden bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 642 uçar, 283 dikuçar, 31 müň 166 uçarmansyz howa ulagy, 579 howa goranyş raketa ulgamy, 17 müň 969 tank we sowutly ulag, 1447 köp nilli raketa ulgamy, 14 müň 358 gaubisa we minomýot bilen 25 müň 825 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 6 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýanyň demirgazygynda bir esger şehit boldy
Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdy
Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdy