Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi

Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-da Respublikan partiýasyndan prezident saýlawyna dalaşgär bolan Donald Trampyň janyna kast etmek synanyşygynyň täsiri bilen baglanşykly ýerli metbugata beýanat berdi.

Russiýanyň ABŞ-daky içerki syýasy tapgyrlara hiç wagt goşulmandyklaryny we mundan soň hem goşulmajakdyklaryny aýdan Dmitriý Peskow: "Dünýäniň galan bölegi ýaly biz hem ol ýerde başdan geçirilýänlere ýakyndan gözegçilik edýäris" diýip habar berdi.

ABŞ-nyň dünýäniň iň uly ykdysadyýetidigini we Goranmak ministrligine beýleki ähli ýurtlaryň jeminden has köp pul harçlaýan iň güýçli harby ýurtdugyny aýdan Peskow, ABŞ-da saýlaw kampaniýasynda zorlugyň agdyklyk etmeginiň Russiýa bilen birlikde bütin dünýäni aladalandyrýan bir meseledigini beýan etdi.

Donald Tramp şenbe güni Pensilwaniýa ştatyndaky mitingde tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýärkä ýaragly hüjüme sezewar galypdy. Hüjümde mitinge gatnaşan 1 adam ýogalypdy, 2 adam hem ýaralanypdy.

ABŞ-nyň gizlin gullugy miting meýdançasynyň daşyndaky belentlik bir ýerden münberiň ýerleşýän ýerine birnäçe gezek ot açan hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

ABŞ-nyň federal derňew býurosy hüjümi adamyň janyna kast etmek hökmünde häsýetlendiripdi.

ABŞ-nyň federal derňew býurosy geçirilen derňewden soň Trampyň janyna kast etmäge synanyşan we wakanyň bolan ýerinde öldürilen 20 ýaşyndaky Tomas Metýu Kruksdygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Trump III jahan urşunyň Kurskda başlap biljekdigini öňe sürdi
Putin Baýdeniň Paýyş Sözleri Hakynda Beýannama Berdi
Donald Tramp halkyň öňüne çykdy
Kreml: "Kiýewiň gepleşikler bilen bagly beýanatlarynda anyk zat ýok" diýdi
Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy
Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar