Russiýa Eýranda öndürilen dronlar bilen täze zarbalary amala aşyryp, zyýana we ýaralanmalara sebäp bolýan mahaly, birnäçe ukrain sebiti 14-nji iýulda irden howa hüjümi duýduryşlaryny yglan etdi diýip, sebit resmileri aýdýar.
Günortadaky Dnipropetrowsk sebitiniň Krywiý Rih senagat şäheriniň üstünde alty sany dron ukrain howa hüjümlerinden goranyş ulgamlary tarapyndan urlup ýykyldy diýip, sebit häkimi Serhiý Lysak Telegramda aýtdy.
“Ýöne, ähli dronlary hatardan çykarmak mümkin bolmady we Krywiý Rihde bir durmuş hyzmatlary kärhanasyna zeper ýetdi" diýip, Lysak ýazdy we şäherde ýerli bir transport kompaniýasynyň hem-de birnäçe binanyň zyýan çekendigini, ýörite senagat enjamynyň ýok edilendigini sözüniň üstüne goşdy. 56 ýaşly bir adam ýeňil ýaralandy diýip, Lysak aýtdy.
Krywiý Rih şäheriniň Goranmak geňeşiniň başlygy Oleksandr Wilkul Telegramda çekilen zyýana garamazdan, şäherde durmuş hyzmatlarynyň üpjünçiliginiň işleýändigini aýtdy.
Ukrainanyň howa goranyşy hüjümde Russiýa tarapyndan ulanylan 17 sany Eýranda öndürilen dronuň 16 sanysyny urup ýykandygyny aýtdy.
Rus dron zarbalarynyň tapgyr dördülenji güni Kiýewde we beýleki ukrain sebitlerinde azyndan iki adamyň öldürilmeginden, birnäçe adamyň ýaralanmagyndan we maddy zyýanlardan bir gün soň boldy.
Söweş meýdany barada aýdylanda, Ukrain goşunynyň baş ştaby öz goşunlarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda aldym-berdimli söweşleriň gowşaman dowam edýän ýeri bolan gündogar Donetsk sebitinde 30 sany söweş hereketine gatnaşandygyny aýtdy.
“Duşman özüniň hüjüm tagallalaryny Kupýansk, Lyman, Bahmut, Awdiýiwka we Maryinka ugurlaryna gönükdirmegi dowam etdirýär; agyr söweşler dowam edýär” diýip, Baş ştab gündelik hasabatda aýtdy.
Bu aralykda, Pentagon 13-nji iýulda Bahmut sebitinde iň agyr we ganly söweşlere gatnaşan “Wagner” hakyna tutma toparynyň Russiýada iki hepdeden gowrak mundan ozal gurnan gysga wagtlyk ýaragly pitnesiniň yz ýany, Ukrainadaky harby operasiýalara hiç hili saldamly görnüşde gatnaşmaýandygyny aýtdy.
“Häzirki tapgyrda, biz Wagner güýçleriniň Ukrainadaky söweşjeň operasiýalara hiç hili saldamly kuwwatda gatnaşmaýandygyny görýäris” diýip, Pentagonyň metbugat sekretary howa güýçleriniň brigada generaly Patrik Raýder aýtdy.
23-24-nji iýundaky pitnäniň yz ýany, “Wagner” söweşijilerin sürgüne gitmek, Russiýanyň adaty harby güýçlerine goşulmak, ýa-da dargamak teklipleriniň berlendigi habar berilýär.
Ukrain goşuny frontyň birnäçe sebitinde amala aşyrýan garşylyk hüjümleriniň fonunda ýarag güýjüni ýokarlandyrmak maksady bilen, Birleşen Ştatlar tarapyndan wada berlen klaster ok-därilerini kabul edip alandygyny mälim etdi.
“Biz ýaňy bir olary kabul edip aldyk, ýöne heniz olary ulanyp görmedik” diýip, Ukrainanyň günorta serkerdeliginiň ýolbaşçysy general Oleksandr Tarnowskiý CNN telekanalyna beren interwýusynda dawaly klaster ok-därilerini göz öňünde tutup aýtdy. Ol rus güýçleriniň munuň Ukraina artykmaçlyk berjekdigine we söweş meýdanynda ýagdaýy “düýpgöter üýtgetjekdigine” düşünýändiklerini aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.
Birleşen Ştatlar bu ýaraglaryň asuda raýatlara uzak möhletde abandyrýan töwekgelçiligi bilen bagly aladalara garamazdan, geçen hepde Ukraina klaster bombalaryny berjekdigini aýtdy.
Ukraina bu ýaragy gür ilatly sebitlere ýerleşdirmez diýip, Tarnowskiý aýtdy.
Germaniýa 13-nji iýulda goşmaça harby hemaýatynyň, şol sanda ok-därileriň we öz-özi hereket edýän “Gepard” uçara garşy ýaraglaryň Ukraina tarap ýoldadygyny aýtdy. Hökümet beýanaty Germaniýanyň “howpsuzlyk mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak başlangyjynyň” 2023-nji ýylda 5,4 milliard ýewro (6,1 milliard dollara) barabar bolandygyny aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.