Russiýa derýa-deňiz ýollary arkaly Türkmenistana eksportyny artdyrar

Russiýa derýa-deňiz ýollary arkaly Türkmenistana eksportyny artdyrar

Russiýa Federasiýasy Hazarýaka döwletlerine harytlary we önümleri Wolga derýasynyň üsti bilen eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ufada geçirilen Ulag we gurluşyk atly halkara smmitiň çäginde gurluşyk materiallaryny öndürijileriň Milli birleşiginiň durnukly ösüş komitetiniň başlygy Stanislaw Mamulat habar berdi. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa derýanyň üsti bilen gaz, agaç we metal önümleriniň Hazarýaka ýurtlaryna eksportyny artdyryp biler.

Resmi rus elektron neşirlerinde bellenilişi ýaly, derýa ýollary arkaly Russiýadan Hazarýaka döwletlere dürli himiki önümleri we dökünleri eksport etmekde ýol çykdajylary ep-esli azalýar.Stanislaw Mamulatyň bellemegine görä, Russiýanyň sebitleri Hazarýaka ýurtlaryny himiki maddalar we dökünler bilen üpjün etmäge taýýar.

Mysal üçin, Başkir soda kompaniýasy demir ýol arkaly Türkmenistana 360 müň tonna kalsiý sodasyny ibermegiň gaty gymmat boljakdygyny hasaplady.Bu ýükler derýa-deňiz ýollary bilen ugradylsa, has arzan düşýär.

Umuman alanyňda, Hazaryň günortasyndaky ýurtlarda bu materiallara hem-de reňkli metallara hem isleg uludyr.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň awtoulag parkynyň üsti Toyota Corolla kysymly ýeňil taksileriň 150-si bilen ýetirildi, Ufada türkmen gawunynyň baýramy geçirildi, Türkmenistanda ermeni kompozitor Arno Babajanýanyň sazlary ýaňlanar
Musa Jarullah
MESSIDEN 500-nji GOL
Üzüm dişleri berkidýär
Türkmenistanda dünýä bazarlarynda islegli nebit önümleriniň önümçiligi özleşdirilýär