Russiýa Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça Türkmenistan bilen söwdanyň ýokary depginde ösmegine garaşýar

Russiýa Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça Türkmenistan bilen söwdanyň ýokary depginde ösmegine garaşýar

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň, şol sanda Mahaçkala deňiz söwda portunyň üsti bilen söwda dolanyşygy durnukly öser we ýakyn ýyllarda has-da netijeli bolar. Şeýle çaklama Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow tarapyndan TASS bilen geçirilen söhbetdeşlikde aýdyldy.

Ýelizarow Mahaçkalada Dagystanyň hökümeti bilen bolan duşuşykdan soň: Geljek üç-bäş ýylda üznüksiz ösüşe garaşýarys diýip aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýurtlar Mahaçkala söwda deňiz portunyň üsti bilen konteýner daşalmagyny ösdürmegi meýilleşdirýärler. Azyk senagat önümlerini, gurluşyk harytlaryny we umumy ýükleri daşamagyň geljegi uludyr. Häzir ýurtlar metal, agaç, azyk we himiýa önümlerini alyş-çalyş edýärler.

Wise-premýer Rizwan Gazimagomedow mundan ozal Dagystanyň hökümeti bilen söwda wekiliniň duşuşygynda sebit arkaly ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň, takmynan, 200 müň dollar töweregi bolandygyny aýtdy. Bu barada Newscentralasia ýazýar.

Şu ýylyň ahyryna çenli Türkmenbaşy we Mahaçkala portlarynyň arasynda yzygiderli konteýner ýük daşalmagynyň ýola goýulmagyna garaşylýar. Türkmenbaşy we Mahaçkala şäherleriniň arasynda parom hyzmaty soňky gezek 2011-2012-nji ýyllarda amala aşyrylypdyr.

Dagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Abdulmuslim Abdulmuslimow Ýelizarowa 2022-nji ýylda Dagystan Respublikasy bilen Türkmenistan arasyndaky söwda dolanyşygynyň 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 5%, importyň 80% ýokarlanandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
20-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Dagystanda Guralan Hüjümde 7 Adam Ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Dagystanda bolan terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi
Dagystandaky hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany artdy
Kumyk Türkçesi