Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Çehiýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Witezslaw Piwonkanyň ministrlige çagyrylyp, özüne protest notasynyň berilendigi mälim edildi.
Witezslaw Piwonka Çehiýanyň resmileriniň Praga şäherindäki rus diplomatlara garşy dostlukly gatnaşyklara bap gelmeýän hereketleri etmeginiň berk ýagdaýda protest edilendigi bellenen beýanatda: "Ilçi Witezslaw Piwonka Çehiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän 20 diplomadyň islenmeýän adam hökmünde yglan edilendigi barada maglumat berildi. Işgärleriň 19-njy aprele çenli Russiýanyň territoriýasyny terk etmekleri islendi" diýip habar berildi.
Düýn Çehiýanyň Premýer ministri Andreý Babiş, 18 rus diplomadyň Russiýanyň razwedka gullugynyň adyndan işleýändigini we 2014-nji ýylda ýurdyň Günorta Morawiýa sebitinde bir ok-däri ammarynda bolan partlama bilen baglanşykly arabaglanşyklarynyň bolandygy barada şübheleriniň bardygyny aýdypdy we şol sebäpli 18 rus diplomadyň 48 sagadyň içinde ýurdy terk etmekleriniň islenendigini aýan edipdi.