Russiýa bugdaý we arpa eksport etmekde dünýäde öňdebaryjy boldy

Oba hojalygy möwsüminiň deslapky netijelerine görä, (2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlandy) Russiýa bugdaý we arpa eksportynda dünýäde öňdebaryjy boldy. Bu barada TASS habarlar gullugy Russiýa Federasiýasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp habar berdi.

Ministrligiň bölüm müdiri Aleksandr Malowyň aýtmagyna görä, deslapky netijelere görä, Russiýa bugdaý eksportynda-da, arpa eksportynda-da birinji orny eýeledi. Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy 160-dan gowrak ýurda galla eksport edýär.

Maý aýynyň ahyrynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Patruşew Bütin Russiýa däne forumynda Russiýanyň 2023-2024-nji ýyllaryň oba hojalygy möwsüminde 70 million tonna gallany eksport edip biljekdigini, şolardan, takmynan, 53 million tonna bugdaýy eksport edip biljekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

KAMAZ-master Ýüpek ýoly rallisniň çempiony boldy
Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy
Russiýa Afrika Ýurtlaryna Muzdsuz Galla Berdi
Türkmenistan Halkara Hazar Sanly Forumyna gatnaşmaga çagyrylýar
Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar
Modi Moskwa bardy