Russiýanyň hökümetine garşy gozgalaň başladan Wagner toparynyň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, taraplaryň birinde rus ganynyň dökülmeginiň jogapkärçiligine göz ýetirýändiklerini we ulag kerwenini yza çekip meýilnama görä meýdan düşelgelerine yzyna gaýdyp barjakdyklaryny habar berdi.
Wagner toparynyň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, Wagneriň Telegram hasabyndan sesli ýüzlenme berdi.
Ýewgeniý Prigožin: "Wagneri dartgatmak islediler. 23-nji iýunda Adalat ýörişine çykdyk. Moskwadan takmynan 200 km alysdaky bir ýere 1 günde bardyk. Şol wagt aralygynda söweşijilerimiziň ýekeje hem ganyny akdyrmadyk" diýip belledi.
Indi ganynyň dökülip biljek bir tapgyra gelendiklerini aýdan Ýewgeniý Prigožin: "Şol sebäpli biz taraplaryň biri hökmünde rus ganynyň dökülmeginiň jogapkärçiligine göz ýetirip, ulag kerwenini yza çekip meýilnama görä meýdan düşelgelerine yzymyza gaýdyp barýarys" diýip nygtady.
Ýewgeniý Prigožin şol beýanatyndan soň, söweşijileri bilen bilelikde Russiýanyň Rostow-na-Donu şäherinden çykdy.
Rostow sebitiniň gubernatory Wasiliý Golubew Telegram hasabyndan beren beýanatynda: "Wagneriň ulag kerweni Rostowdan çykdy we meýdan düşelgelerine tarap gönükdiler" diýip habar berdi.
Russiýanyň Federal Gara ýollar agentliginden berilen beýanatda, ýollar boýunça girizilen ähli çäklendirmeleriň ortadan aýrylandygyny mälim etdi.
Beýleki tarapdan Moskwa we Moskwa sebiti başda bolmak bilen Ukraina serhedine ýakyn sebitlerde ýaragly gozgalaň sebäpli yglan edilen terrora garşy göreş operasiýasy ýagdaýynyň ortadan aýryljakdygy aýan edildi.
Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, rus howpsuzlyk kärhanasy Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožine garşy gozgalan kazyýet işiniň ýatyryljakdygyny belläp: "Prigožin Belarussiýa gider" diýip habar berdi.
Dmitriý Peskow Wagner toparynyň Russiýanyň hökümetine garşy başladan gozgalaňy bilen bagly beýannama berdi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda günüň dowamynda telefon arkaly söhbetdeşligiň bolandygyna ünsleri çeken Peskow: "Iki Döwlet baştutany Lukaşenkonyň ýagdaýy çözmek ugrundaky araçylyk başlangyçlaryny etjekdigi barada ylalaşyk gazandy. Lukaşenkonyň bu ugurdaky goldawyna uly baha berýäris" diýip belledi.
Lukaşenkonyň Wagneriň esaslandyryjysy Prigožini takmynan 20 ýyl bäri tanaýandygyny aýdan Peskow: "Bu Lukaşenkonyň şahsy teklibi boldy. Şol teklip Putin tarapyndan kabul edildi. Belarussiýanyň Prezidentine ýagdaýy ýitgisiz we dartgynlygyň ýagdaýynyň artmadan çözmek babatyndaky başlangyçlary üçin minnetdardyrys" diýip nygtady.
Peskow: "Netijede Wagneriň öz meýdan düşelgelerine gaýdyp barjakdygy barada ylalaşyga gelindi. Käbirleri islege laýyklykda Goranmak ministrligi bilen ylalaşyk resminamasyna gol çekerler. Şol ugur Wagner toparynyň hereketine goşulmaýanlary gyzyklandyrýar. Şolar ýaly birikmeler hem bar. Wakalaryň başynda hereketlerden ýüz öwrenler. Olar ýerleşýän ýerlerine gaýdyp barmaklary üçin kömek soradylar" diýip belledi.
Gozgalaňa gatnaşan Wagner söweşijileriniň yzarlanmajakdyklaryny aýdan Peskow, olara çaknyşyklardaky edermenlikleri sebäpli hormat goýandyklaryny beýan etdi.
Dmitriý Peskow Prigožiniň ykbaly bilen baglanşykly bolsa: "Prigožine garşy gozgalan kazyýet işi ýatyrylar. Prigožin Belarussiýa gider" diýip aýtdy.
Ýörite howpsuzlyk kärhanasy Wagneriň esaslandyryjysy Ýewgeniý Prigožin, Russiýanyň goşunyny Wagnere hüjüm guramak bilen günäkärläp, garşylyk görkezjekdigi barada hemle atypdy, Wagner söweşijileri Ukrainany terk edip, serhetdäki Rostow sebitine giripdi.
Şol ýagdaý sebäpli Federal Howpsuzlyk gullugy ýaragly gozgalaň günäkärlemesi bilen kazyýet işi gozgalypdy.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Wagneriň gozgalaňyny Watana dönüklik hökmünde häsýetlendiripdi.
Prigožin Moskwa gitjekdiklerini aýdypdy, Kreml bolsa ýurduň ençeme sebitinde howpsuzlyk çärelerini artdyrypdy.
Prigožiniň Belarussiýanyň Prezidenti Aleksadr Lukaşenkonyň Russiýada dartgynlygy azaltmak baradaky teklibini kabul edendigi habar berilipdi.