Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesir çalşygy amala aşyryldy

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda ýesir çalşygy amala aşyryldy

Russiýanyň Goranmak ministrligi Ukraina bilen ýesirlikde bolan 190 esgeriň çalşygynyň amala aşyrylandygy mälim edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, geçirilen gepleşikleriň netijesinde Ukrainada ýesirlikde saklanan 95 rus esgeriň Moskwa gowşurylandygy, olaryň deregine bolsa Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň düzüminde bolan 95 esgeriň Kiýewe gowşurylandyklary habar berildi.

Beýanatda: "Rus esgerleriň ýesirlikden çykarylmagy tapgyrynda Birleşen Arap Emirlikleri ynsanperwer araçylyk etdi" diýip aýan edildi.

Azat edilen rus harbylaryň Russiýanyň Goranmak ministrligine degişli saglygy goraýyş edaralarynda bejergi we reabilitasiýa üçin Russiýanyň howa we kosmos güýçlerine degişli harby ýük uçarlary bilen paýtagt Moskwa geçiriljekdikleri mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Rus goşuny tarapyndan uçurylan uçarmansyz howa ulaglary ýok edildi" diýdi
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär
Ukrainada F-16 harby uçar ýere gaçdy
Ermenistan Azerbaýjana degişli ýerlere ot açdy
Ukraina-Russiýa urşunda çaknyşyklar güýçlendi
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi