Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär

Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär

2022-nci ýylyň fewral aýyndan bäri söweşýän Russiýa bilen Ukraina ýesirlerini çalyşdy.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial mediadan beren habarnamasynda ýurdy bilen Russiýanyň ýesirlerini çalyşandygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý “Russiýada ýesirlikde bolan 150 esgerimizi getirýäris” diýdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada geçirlen gepleşikleriň neticesinde ukrainaly 150 ýesiriň ukrainaly ýolbaşçylara tabşyrlandygy, 150 rus ýesiri hem kabul edip alandyklary nygtaldy.

Beýannamada boşadylan ýesirleriň saglyk gözegçiliginden soň becergi alcakdyklary bellenildi.

Beýannamada, ýesir çalşygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň esasy rol oýnandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Bilen Ukraina Ýesirlerini Çalyşdy
“Demirgazyk Koreýaly 2 Esgeri Ýesir Aldyk”
ABŞ-nyň, Kataryň we Müsüriň Daşary Işler Ministri Ýesir Çalşygy Hakynda Pikir Alyşdy
Moskwa Kurskda Ýesir Alynan Esgerleriň Çalşygy Üçin Kiýewe Talap Bildirdi
Ukraina Bilen Russiýa Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
Hamas Ýesir Çalşygyny Yza Süýşürdi