Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi

Russiýa Bilen Ukraina Ýesir Çalşygyny Etdi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý sosial media hasabyndan ýesir çalşygy hakynda habarnama berdi.

Habarnamada; “100 esgerimize öýlerine dolandy. Şu günki güne çenli 3,135 ukrain esgeri ruslardan halas edildi” diýilýär.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýannamada bolsa Ukraina bilen ýesir çalşygynyň edilendigi habar berildi.Gepleşikleriň netijesinde resmi Kiýewiň gözegçiligindäki territoriýadan 100 rus sgeriniň yzyna alynandygy nygtalyp; “Şonuň öwezinde Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň 100 esgeri gowşuryldy.

Rus esgerleri ministrlige degişli saglyk merkezlerinde bejergi almaklary üçin uçarlar bilen paýtagt Moskwa getiriler.Boşadylan esgerlere lukmançylyk we psihiki goldaw berilýär.Birleşen Arap Emirlikleri rus esgerleriniň boşadylmagynda töwellaçylyk etdi” diýilýär.

2 ýyldan bäri söweşýän iki ýurduň arasyndaky ýesir çalşygy soňky gezek 31-nji ýanwarda geçirilipdi we iki tarapdan hem 195 esger çalşylypdy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Bilen Russiýa Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasynda Ýesir Çalşygy Edildi
Moskwa Kurskda Ýesir Alynan Esgerleriň Çalşygy Üçin Kiýewe Talap Bildirdi
ABŞ, Müsür we Katar Gaza Üçin Gepleşikleriň Başlamagy Boýunça Çagyryş Etdi
​​​​​​​Ysraýylyň Hamas bilen ýesirleriň azat edilmegi üçin gepleşiklere taýarlanýandygy öňe sürüldi
Ysraýyl Gazadaky palestinaly zenanlary tussag etdi
Abdullahiýan Ysraýylyň Hücümlerine Gaýtadan Başlamagyna Reaksiýa Bildirdi