Russiýa Federasiýasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda geçen 2022-nji ýylyň jemleri boýunça haryt dolanyşygy 68 göterim artyp, 9 milliard dollara deň boldy. Bu barada RF-niň senagat we söwda ministri Denis Manturow habar berdi.
Manturowyň sözlerine görä, Russiýadan BAE eksportyň möçberi 8,5 milliard dollara (+71göterim), importyň möçberi 500 million dollara (+ 6 göterim) ýetdi.
Ministr iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini nygtady. Netijede, Birleşen Arap Emirlikleri arap dünýäsi ýurtlarynyň arasynda RF bilen söwda gatnaşyklary babatda öňdäki orna çykdy.
2021-nji ýylda Moskwa bilen BAE-niň arasynda haryt dolanyşygynyň 1,1 milliard dollara deň bolandygy we munuň 2020-nji ýyldakydan 116 göterim artykdygy habarda bellenýär.
Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Trend ýazýar.