Russiýa Benzin Eksportuny Gadagan Etdi

Russiýa Benzin Eksportuny Gadagan Etdi

Russiýanyň hökümetiniň ýazmaça beýannamasynda ýurduň ýangyç bazarynda durnuklylygyň saklanmagy üçin Çare görülendigi beýan edilip, şol çakde benzin eksportunyň 1-nji martdan başlap 6 aý möhlet bilen gadagan edilendigi, Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen bilelikde hökümetara ylalaşyklara laýyklykda edilýan satuwyň bu karara degişli däldigi mäliöm edildi.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak çarşenbe güni beren beýannamasynda benzin eksporty boýunça gadagançylyk kararynyň meýilleşdirilenden öň bes edilip bilinjekdigini aýdypdy.

Russiýada benziniň we dizel ýangyjyň bahalarynyň ýokarlamagy sebäpli 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda benziniň eksporty gadagan edilipdi, 2 aý soň soň gadagançylyk bes edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýada benzin eksporty gadagan ediler
Balkanda iki gün bäri benzin gytçylygy güýçlenýär
Maryda awtoulag ýangyjynyň gytçylygy ýitileşdi, benzin her bir ulaga 20 litr möçberinde satylyp başlandy
Benzin gytçylygy dowam edýär
Diňle: Benzin gytçylygy dowam edýär
Ýolötende awtoulag ýangyjynyň üstünde ýakalaşyk boldy