Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Azerbaýjanyň Garabagda antiterror operasiýa başlatmagy hakynda beýannama berdi.
Zaharowa; “Rus tarapy, çaknyşygyň taraplaryny gan dökülmegini duruzmaga çagyrýar” diýdi.
Zaharowa geçiren hepdelik metbugat ýygnagynda Azerbaýjanyň Garabagda konstitutsion ulgamy gaýtadan dikeltmek üçin başladan antiterror operasiýasy hakynda-da durup geçdi.
Garabagdaky ýagdaýyň gaýtadan dartgynlaşmagyna Moskwanyň alada bildirýändigini aýdan Zaharowa; “Rus tarapy çaknyşygyň taraplaryny ganyň dökülmegini duruzmaga, harby aksiýalary dessine bes etmäge, syýasy we diplomatik çözgüde gaýdyp gelmäge çagyrýar” diýdi.
Zaharowa sebitdäki harby güýçleriň “parahatçylyk güýji” wezipesini ýerine ýetirýändigini nygtap, şol güýçleriň serkerdeleriniň taraplar bilen yzgiderli aragatnaşyk saklaýandygyny beýan etdi.