Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary ABŞ we onuň ýaranlaryna Ukraina söweşine mundan beýläk gatyşmak we Kiýew režimine öldüriji ýaraglar bermek barada duýduryş berdi.
Sişenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, Ukraina konfliktine "artýan gatyşmalary" sebäpli Moskwanyň ABŞ we Ýewropa ýaranlarynyň tersine "garşylykly çäreleri" görüp biljekdigini duýdurdy.
Russiýanyň bu ýokary derejeli resmisi şeýle-de "Russiýanyň asimmetrik çäreleri goşmak bilen ýeterlik garşy çäreleri görmäge mejbur boljakdygyny" aýtmak bilen biz duýduryş berýäris we Waşington we beýleki günbatar paýtagtlary gözegçilikden çykýan howpuň möwjemegine düşüner diýip umyt edýäris diýdi.
Russiýanyň Amerikadaky ilçisi Anatoliý Antonow hem Waşingtona we onuň ýaranlaryna Ukraina has köp ýarag ibermek barada duýduryş berdi we bu hereketiň urşuň hasam möwjemegine sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Antonow "Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny we onuň ýaranlaryny ýakynlaşan gyzyl çyzyklardan geçmezlige çagyrýarys diýmek bilen Kiýew režimini öldüriji ýaraglar bilen goldamagy bes ediň " diýip nygtady.