Jo Baýden Ak Tamda geçiren metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
Donesk we Lugansk Halk Respublikalary diýilýän ýerleri ykrar eden Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putinin sebiti ele geçirmek isleýändigini aýdan Baýden; “Ol basyp alyjylygyň başlangyjy. Putin gönüden Ukrainanyň özygtyýarlylygyna hüjüm etdi. Russiýa global parahatçylyga we durnuklylyga howp salýar” diýdi.
Bu wakalar sebäpli 2 sany uly rus maliýe firmasyna sanksiýa goýandyklaryny, Putine ýakyn bolan adamlara hem sanksiýa goýjakdyklaryny aýdan Amerikanyň prezidenti; “Russiýa hüjümleri dowam etdirse, iňňän agyr jerime çeker, sanksiýalary giňelderis” diýdi.
Russiýa bilen söweşmek niýetleriniň ýokdugyny, emma NATO-nyň terroritoriýasyny gorajakdyklaryny nygtan Jo Baýden, Baltika ýurtlaryndaky Amerikan harby güýçleriniň sanyny artdyrjakdyklaryny, Ukraina goranyş ýaragyny bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.
Baýden; “Henizem iň agyr netijäni özgertmek üçin wagt bar” diýdi.