NATO Russiýanyň 1992-nji ýylda kabul edilen “Açyk Asmanlar” ylalaşygyndan çekilmek hakyndaky kararyna gynanjyny beýan edip, kararyň gaýtadan seljerilmegini isledi.
NATO-dan berilen beýannamada Russiýanyň uzak ýyllaryň dowamynda ylalaşygyň kadalaryny berjaý etmändigini we Kaliningradda we Gruziýa serhediniň golaýynda uçuş çäklendirmesini goýandygy nygtaldy.
Russiýa şertnamanyň kadalaryny berjaý etmegi üçin ençeme gezek çagyryş edilendigine üns çekilýän beýannamada, resmi Moskwanyň onu kabul etmändigi, ABŞ-nyň hem Russiýanyň ylalaşygy berjaý etmezligini 2020-nji ýylyň noýabrynda ylalaşykdan çekilmeginiň esasy sebäbi hökmünde görkezendigi ýatladyldy.
Beýannamada; “Russiýanyň “Açyk Asmanlar” ylalaşygyndan çekilmek hakyndaky kararyna çuňňur gynanç bildirýäris” diýilýär.
NATO-nyň Ýewropa-Atlantika howpsuzlygy üçin konwensional ýaraglaryň gözegçiligine bolan tabynlygyny dowam etdirýändigine üns çekilen beýannamada: “Russiýanyň aksiýalary ýol beren halatynda netijeli gatnaşyk açmagy arzuw edýäris. Russiýany ylalaşykdan çekilmek hakyndaky kararyň güýje girmegi üçin galan 6 aýy, kararyny seljermek üçin peýdalanmaga we “Açyk Asmanlar” ylalaşygyna dolanmaga çagyrýarys” diýilýär.
Russiýanyň Prezidenti Putin ýurdunyň “Açyk Asmanlar” ylalaşygyndan çekilmegi hakyndaky kanuny 7-nji iýunda tassyklapdy.
ABŞ bolsa 1992-nji ýylyň 24-nji martynda Finlandiýanyň paýtagty Helsinkide gol çekişilen “Açyk Asmanlar” ylalaşygyndan 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda çekilipdi.