Russiýa BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň fewral aýynyň döwürleýin başlyklyk wezipesini aldy.
Russiýanyň BMG-daky Hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia, BMG-da geçiren metbugat ýygnagynda, Russiýanyň Ukrainany basyp almak niýetiniň bolmandygyny habar berdi.
Ukrainany bolsa Minsk ylalaşygynyň düzgünlerini ýerine ýetirmezlik bilen günäkärlän Nebenzia, ABŞ-nyň we ÝB-niň Russiýa sanksiýa goýan halatynda Moskwanyň nähili garşylyk görkezjekdigi bilen bagly soraga jogap berip: "Bize şolar ýaly köp sanksiýa girizildi welin, indi sanyny hem bilmeýäris.
Hiç zat bolmadan ozal sanksiýa barada gürrüň edýärler.Biz sanksiýalar bilen ýaşamagy öwrendik.Sanksiýa girizmezler diýip umyt edýärin, eger sanksiýa girizseler onda elbetde garşylyk görkezeris" diýip mälim etdi.
Russiýa Ýewropanyň tebigy gazyny kesip-kesmejekdigi bilen bagly soraga bolsa Nebenzia: "Russiýa ynamdar üpjün ediji we hiç kimi ýary ýolda goýup gitmedi" diýip jogap berdi.