Russiýa, ABŞ-daky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Russiýa, ABŞ-daky Ilçisini Yzyna Çagyrdy

Russiýa, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçygy Wladimir Putin hakyndaky beýannamasyndan soň, Waşingtondaky ilçisini Moskwa çagyrdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, Baýdeniň, Putini “ganhor” hökmünde häsiýetlendirendigi we ABŞ-da geçirlen saýlawlara goşulşandygy sebäpli “jerimesini tölär” diýen sözleri hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Russiýanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Anatoliý Antonowyň Moskwa çagyrlandygyny aýdan Zaharowa “ABŞ bilen başdan geçirilýän soňky wakalar we özara gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşmak üçin ilçi Moskwa çagyryldy” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini “ganhor” hökmünde häsiýetlendiripdi we geçen ýyl ABŞ-da geçirlen saýlawlara goşulşandygy sebäpli “jerimesini tölär” diýipdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı
“Sebitde Ýüze Çykyp Biljek Haýsydyr Bir Dartgynlyk Gaza Sektoryndaky Ýagdaýy Has-da Agyrlaşdyrar”
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Lawrow Antalýa Diplomatiýa Forumyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny