Russiýa 24-nji Fewralda Başlan Söweşden Bäri Fosil Ýangyçdan 63 Milliard Ýewro Girdeji Gazandy

Russiýa 24-nji Fewralda Başlan Söweşden Bäri Fosil Ýangyçdan 63 Milliard Ýewro Girdeji Gazandy

Energiýa we arassa howa merkezi tarapyndan Russianyň nebit, tebigy gaz we kömür satuwy bilen turba göteriji arkaly eskporty boýunça taýýarlanan analize görä russiýanyň turba göterijileri arkaly dowam edýän nebit we tebigy gaz eksorty bilen ýokary ýangyç nyrhlary ýurduň eksport girdejisinin ozalky ýyllara görä ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Analiz, Exxon, Mobil, Shell, Total, Repsol we BP ýaly uly nebit firmalarynyň hem Russiýa bilen işleşmäge dowam edendigini görkezýär.

Russiýanyň fosil ýangyç eksportunyň ¼ bölegi ÝB-niň bäş ýurtdaky portlaryna barýar. Şol portlar Gollandiýada,, İtaliýada, Polşada we Belgiýada ýerleşýär.

Görkezijilere görä söweşiň başyndan bäri Russiýanyň fosil ýangyç eksportundan alan girdejisi 63 milliard ýewro barabar boldy.

Germaniýa rus fosil ýangyçlary üçin 9,1 milliard ýewro töläp, birinji importçy boldy.

Hasabata görä Italiýa 6,9. Hytaý 6,77, Gollandiýa 5,6, Türkiýe 4,1 we Fransiýa 3,8 milliard ýewrolyk rus energiýa serişdelerini sarp etdi.

Ýene degişli makalalar

Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Iň girdejili kompaniýalar
“Shell” ýokary girdeji hasaba aldy
“Forbes”: Rus bazaryndan giden Günbataryň energetika kompaniýalary milliardlarça ýitgi çekerler
Brand Finance 2022-nji ýylda dünýäniň iň güýçli nebitgaz brendleriniň sanawyny düzdi