2024-nji ýylyň ahyryna çenli rus tarapy Aşgabatdaky we Arkadag şäherindäki medeni edaralara we kitaphanalara rus dilindäki 750-den gowrak çeper we ýöriteleşdirilen edebiýatlary sowgat bermekçi. Bu barada Russiýanyň ilçisi Iwan Wolynkin Türkmenistanda Russiýanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda habar berdi diýip, Turkmenportalyň habarçysy mälim edýär.
Ilçi şu ýyl Russiýanyň Kino we Animasiýa günleriniň geçirilmegi, "Mosfilm"-iň 100 ýyllygy mynasybetli çeper filmleriň görkezilmegi, rus aşhanasy festiwaly we “Turetskiý hory”, “Soprano” döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaly bilelikdäki taslamalar barada-da durup geçdi. Bu çäreler Türkmenistanyň halkynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi we iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň pugtalanmagyna goşant goşdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Köşgüň eýwanynda W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýüniň guramagynda fotosuratçylaryň işleriniň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy. Bu ýerde Adygeýiň Nalmes halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň çykyşlary boldy.
17-nji oktýabrda çäreler "Nalmes" ansamblynyň solistlerinden ussatlyk sapagy bilen dowam etdiriler. Şeýle hem “Çaýkowskiý planetasy” sergisi we meşhur pianinoçy, halkara aýdym-saz ýaryşlarynyň ýeňijisi Dmitriý Masleýewiň çykyşy bolar.