Moskwanyň Merkezi Aziýa ýurtundaky ilçisi bäşinji gün Russiýanyň Türkmenistandan alýan tebigy gazynyň möçberini importynyň geçen ýylkydan iki esse artandygyny aýtdy.
Russiýa bir wagtlar türkmen gazyny iň köp satyn alýan ýurtdy, emma 2009-njy ýyldan soň, Pekiniň sebitara geçirijileriň birinji tapgyryny tamamlamagy bilen, bu meselede Hytaýa esasy orna geçdi we Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda baha dawalary ula ýazdy diýip, AFP neşiri habar berýär.
Aşgabatdaky rus ilçisi Aleksandr Blokhin metbugat ýygnagynda çykyş edip, Russiýanyň 2021-nji ýylda gaz importynyň 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende “belki-de iki esse, her ýylda 10 milliard kub metre çenli artjakdygyny aýtdy.
Russiýanyň döwlet energiýa läheňi “Gazprom” 2016-njy ýylda togtadylandan gaz söwdasyny 2019-njy ýylda dikeldip, gaýtadan türkmen gazyny satyn almaga başlady.
Iki tarap şol wagt ýylda 5,5 milliard kub metr möçberindäki gaz söwdasy barada ylalaşyk baglaşdy.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda Hytaýyň häzir her ýyl Türkmenistandan takmynan 40 milliard kub metr gaz satyn alýandygyny we geljekde bu görkezijiniň 65 mlrd kub metre çenli ýokarlanjakdygyny, geljekde 100 mlrd kub metre çenli köpeldilip bilinjekdigini öňe sürdi.
Şu aralykda “Turan” neşiri Hytaýyň şu ýylyň 11 aýynda 6,1 milliard dollarlyk türkmen gazyny satyn alandygyny habar berdi.
Neşiriň Hytaýyň baş gümrük edarasyna salgylanyp beren maglumatyna görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Hytaýa akdyrylan türkmen gazynyň mukdary 21,91 million tonna boldy.
Türkmenistan Hytaýy geçiriji arkaly gaz bilen üpjün etmekde birinji orunda durýar.
Şu ýylyň on bir aýynyň görkezijilerine görä, bu meselede ikinji orun Russiýa (1,27 milliard dollar, 6,63 million tonna), üçünji orun Gazagystana (946,11 million dollar, 4.02 million tonna) degişli.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.