Ruslar 2024-nji ýylda iň köp Türkiyä syýahat etdiler

Ruslar 2024-nji ýylda iň köp Türkiyä syýahat etdiler

Russiýanyň Syýahatçylyk senagaty birleşiginiň başlygynyň orunbasary Dmitriý Gorin paýtagt Moskwa şäherinde geçiren metbugat ýygnagynda, Russiýanyň syýahatçylyk pudagynyň şu ýylky görkezijileri barada maglumat berdi.

Ruslaryň daşary ýurt syýahatlarynda gaýtadan dikelişiň bolandygyny aýdan Gorin: "Häzirki wagtda halkara syýahatçylyga girizilen çäklendirmelere garamazdan daşary ýurt syýahatçylygy 20 göterim ösüş etdi. Wiza talap etmeýän ýa-da ýönekeý wiza eýe bolan we göni howa gatnawy bolan ýurtlar iň köp syýahat edilen ýurtlar boldy" diýip habar berdi.

Häzirki wagtda Russiýadan 36 ýurda göni uçar gatnawlarynyň bardygyny aýdan Gorin: "Şu ýylyň ahyryna çenli takmynan 29-30 million raýatymyz dürli maksatlar üçin daşary ýurtlara, şol sanda hususy, işewürlik we syýahatçylyk saparlaryna çykar diýip çak edýäris" diýip mälim etdi.

Gorin, şu ýyl takmynan 6,7 million rus raýatynyň syýahat etmegine garaşylýan Türkiyäniň bu ugurda birinji orunda durýandygyny aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türk wizasyna ýüz tutýan türkmenler özlerinden 'köp mukdarda' paranyň soralýandygyny aýdýarlar
Özara söwdanyň mukdaryny 1 milliard dollara ýetirmekçi
Wan kölüniň düýbünden gadymy türkmen şäherçesiniň galyndylary tapyldy (suratly)
Türkiýede bikanun migrantlara garşy göreş: Iki türkmen raýaty saklandy
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleri köp adama girdeji çeşmesini döredýär