
Kitçiniň türkmenistanly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynda aýyň gowy oýunçysy saýlanyldy. Bu barada ýurduň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
BOC Life-yň hemaýatkärliginde geçirilen ses berlişige Gonkongyň sport žurnalistleri assosiasiýasynyň agzalary gatnaşdylar. Ol mart aýyndaky duşuşyklarda dört oýunda 5 gol geçirdi.
Umuman, Gonkongyň çempionatynyň şu möwsüminde Mingazowyň 15 duşuşykda 15 goly bar. Ol möwsümiň iň netijeli futbolçylarynyň sanawynda çernogoriýaly Deýan Damýanowiçden soň ikinji orny eýeleýär. Onuň topary ― Kitçi bolsa 39 utuk bilen ýaryş tertibiniň başyny çekýär. Ikinji orundaky Li Manda 37 utuk bar.