Rus sungat işgäri Türk Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine haýran galdy

Rus sungat işgäri Türk Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärlerine haýran galdy

Türkiyäniň Milli Howpsuzlyk gullugy geçen hepde ABŞ, Germaniýa, Polşa, Sloweniýa, Norwegiýa, Russiýa we Belarussiýa döwletleriniň tussaghanalarynda tussaglykda bolan 26 adamyň alyş-çalyşyny özünde jemleýän soňky wagtlaryň iň uly tussaglylaryň çalşygy operasiýasyny amala aşyrdy.

Operasiýanyň çäginde 2-si çaga jemi 10 adam Russiýa, 13 adam Germaniýa, 3 adam hem ABŞ-na berildi.

Operasiýada alyş-çalyş edilen adamlaryň arasynda Russiýa tarapyndan azat edilen uruşa garşy çykan rus sungat işgäri Saşa Skaçilenko hem bardy.

Alyş-çalyş operasiýasyny gürrüň beren Saşa Skaçilenko, tapgyryň örän tiz wagtda amala aşyrylandygyny aýtdy.

Özlerine soňky pursada çenli hiç hili maglumat berilmändigini we tussaghanadan çykarylyp awtobusa mündürilen mahallary, ölüme alynyp gidilýändigini pikir edip, örän gorkandygyny beýan etdi.

Saşa Skaçilenko düzüminde tussaglylar bolan uçar Türkiyäniň paýtagty Ankara şäherine gonan mahaly özlerini garşylan Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň agras bolandyklaryny habar berdi.

Rus sungat işgäri Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň örän salyhatly bolandyklaryny belläp: "Olar türk teleseriallaryndaky keşplere meňzeýärdi" diýip beýan etdi.

Saşa Skaçilenko Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň gulaklaryna dakylýan enjamlary we agraslyklary bilen Russiýanyň razwedka gullugynyň işgärlerinden tapawutlydykaryna ünsleri çekdi.

Rus sungat işgäri Saşa Skaçilenko: "Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň ählisi gelşiklidi, hakykatdanam täsir galdyryjy pursatdy" diýip mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede uly göwrümli zamun çalşygy amala aşyryldy
“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ukraina sürüjisiz deňiz ulagy bilen Krymda Russiýanyň "Saturn" gämisine hüjüm gurady