Russiýanyň milli puly soňky birnäçe gün bäri gymmatyny barha ýitirýän mahaly, Türkmenistanda rubl söwdasy bilen meşgullanýan gara bazar söwdagärleri ellerinde bar bolan rus pulundan gyssagly dynmaga çalyşýar.
“Rus puluny satyn almagyň manysy ýok, onuň bahasy häzirlikçe durnuksyz. Elimizde bar bolan rubllary bir zat edip satyp bilsek bolýar” diýip, türkmenabatly walýuta söwdagäri aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryndaky aýry-aýry çeşmelerine salgylanyp, walýuta bazaryndaky ýagdaýyň ähli sebitlerde birmeňzeş meýillere eýe bolandygyny habar berýär.
3-nji dekabrda Aşgabatda 10 müň rubl 2200-2400 manat aralygynda, Mary welaýatynda 2100-2200 manat aralygynda, Lebap welaýatynda bolsa, 2000 manatdan bahalandy.
“Mende şu wagt 100 müň rubl bar. 10 müň rubl üçin 2400 manat ber-de, alaý!” diýip, Telegram ulgamynda özüni Wepa diýip tanyşdyran aşgabatly walýuta söwdagäri aýdýar.
Rus puluna eýe bolan türkmenistanlylar sosial ulgamlarda, şol sanda IMO, Link ýaly goşundylarda yzly-yzyna bildiriş ýaýradyp, rubl hödürleýärler. Şeýle mahabatlara Telegram toparlarynda hem duş gelmek bolýar diýip, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar aýdýar.
“Eger-de rubl durnukly bolmasa, onuň hyrydarlary has-da azalar we biziň elimizdäki pullar derde ýaramaz” diýip, beýleki bir walýuta satyjysy aýdýar.
Russiýanyň milli puly noýabr aýynyň ahyrlarynda has-da hümmetsizlenip, bir dollaryň bahasy 113 rubla çykdy.
Russiýanyň Merkezi banky finans bazarlaryndaky basyşy gowşatmak maksady bilen, 27-nji noýabrda daşary ýurt walýtasyny satyn almagy bes etdi diýip, “Reuters” habarlar agentligi geçen hepde habar berdi.
Russiýa dollar ýa-da ýewro pul birligini ulanyp bilmänsoň, Merkezi bankyň walýuta bazaryna gatyşygy hytaý ýuany bilen amal edilipdir.
Maliýe synçylary Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän urşy sebäpli özüne garşy girizilen halkara sanksiýalardan ejir çekýändigini aýdýarlar.
Russiýanyň Merkezi banky içerki bazarda daşary ýurt walýutasyny satyn almagy 2025-nji ýyla çenli togtadypdyr.
Media maglumatlaryna görä, häzirki wagtda rus rublynyň hümmeti soňky 32 aýyň dowamyndaky iň pes derejesine düşüpdir.
Bu ýagdaý türkmen bazaryna-da täsir edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly telekeçiler häzirki wagtda Russiýa bilen arada söwda etmegiň töwekgelçilik döredýändigini aýdýarlar.
“Russiýa bilen arada biznes hyzmatdaşlygy saklaýan lebaply gurluşyk firmalary, telekeçiler Russiýadan önüm satyn almakdan wagtlaýynça saklanýandyklaryny aýdýarlar. Olar rus kompaniýalary bilen arada täze şertnamalary baglaşmagy hem togtadypdyrlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri aýdýar.
Russiýanyň Merkezi banky 2023-nji ýylyň awgust aýynda hem milli puluň durnuklylygyny saklamak maksady bilen içerki bazardan daşary ýurt walýutasyny satyn almagy 2023-nji ýylyň ahyryna çenli wagtlaýyn bes edipdi.
TASS habar agentligine görä, 2023-nji ýylyň ilkinji ýedi aýy bilen deňeşdirilende 2024-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlary aralygynda Russiýa bilen Türkmenistan arada söwda dolanyşygy 58 göterim ýokarlanypdyr.
Rus resmileri oktýabr aýynyň ahyrynda Aşgabada amala aşyran saparlarynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky durnukly söwda dolanyşygyny saklap galmak maksady bilen, rus we türkmen hökümetleriniň arasynda 2025-2027-nji ýyllar boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň işlenilip düzülendigini aýtdylar.
“Russiýada rubluň resmi alyş-çalyş bahasynyň ymykly peselmegi bilen, türkmenistanly walýuta söwdagärleri rus pulundan gyssagly dynmak isleýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.