
Peskow Mokswada žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.
Azerbaýjanyň Garabag sebitinde ornaşan rus harby birikmeleriniň çekilmäge başlandygy hakyndaky habarlar barada durup geçen Peskow: “Hawa, bu hakykatdan hem şeýle” diýdi.
2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda başlan we 44 gün dowam eden 2-nji Garabag söweşi 2020-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Russiýanyň liderleriniň üçtaraplaýyn jarnamasy bilen gutarypdy.
Jarnama laýyklykda Garabagda ermeni ilatyň ýerleşýän ýerlerinin we Laçyn koridory atlandyrylýan Hankendi-Laçyn ýolunyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin sebite 1960 esgerden ybarat we “Rus parahatçylyk güýji” atlandyrylan rus harby birikmeleri ýerleşdirilipdi. Bäş ýyl möhlet bilen ýerleşdirilen “Rus parahatçylyk güýjüniň” iş möhletiniň 2025-nji ýylyň 10-njy noýabrynda gutarmagyna garaşylýardy.