Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý azatlykdan mahrum edildi

Rus oppozisioner Alekseý Nawalnyý azatlykdan mahrum edildi

Russiýanyň Federal tussaghana gullugynyň talabyna laýyklykda Alekseý Nawalnyýa garşy gozgalan kazyýet işi Moskwa şäher kazyýetinde geçirildi.

Kazyýetiň başlygy Nataliýa Repnikowa, karary kazyýet işine gatnaşan Alekseý Nawalnyýnyň özüne okady.

Şoňa laýyklykda Alekseý Nawalnyýa garşy ozal galplyk etmek bilen aýyplanyp berilen 3,5 ýyllyk azatlykdan mahrum edilmek jezasy, kazyýet gözegçiligi şertlerini ýerine ýetirmänligi sebäpli adaty tussaglyk jezasyna öwrüldi.

Kazyýet ozal öý tussaglygynda geçiren 10 aýlyk möhledi hasaba alyp, Alekseý Nawalnyýnyň galan tussaglyk günlerini tussaghanada geçirmegi barada karar kabul etdi.

Alekseý Nawalnyý, kazyýetiň kararyny 10 günüň dowamynda şikaýat edip biler.

Kararyň aýan edilmeginden soň, polisiýa işgärleriniň giň gerimli howpsuzlyk çärelerini görmegine garamazdan ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde Kreml köşgüniň golaýyndaky Manež meýdançasynda ýygnanmak üçin şäheriň tapawutly ýerlerinden aglabasy ýaşlardan ybarat bolan toparlar herekede geçdi.

Şäheriň merkezindäki köçelerde ýurdyň Döwlet baştutany Wladimir Putine garşy şygarlar aýdyp halky köçä çykmaga çagyran toparlara garşy polisiýa işgärleri aşa güýç ulandy we ençeme demonstranty göz tussaglygyna aldy.

Ýurdyň iň uly 2-nji şäheri bolan Sankt-Peterburg şäherinde hem oppozisionerler, protest aksiýalaryny geçirmek üçin köçelere çykdylar. Onlarça demonstranty göz tussaglygyna alan polisiýa işgärleri, demonstrantlary dargatdylar.

Beýleki tarapdan bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Moskwa şäher kazyýetiniň rus oppozisioner Alekseý Nawalnyýa garşy kabul eden kararyna alada bildirýändigini beýan etdi.

Blinken Nawalnyýnyň we soňky günlerde geçirilen protestlerde tussag edilen ýüzlerçe demonstrantyň azat edilmegi barada çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

Krymda düýn guralan hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy
Eýran Ermenistany goldady
'Halky gorkuzmak guraly'. Türkmenistanlylar Nawalnynyň ölümi barada pikir paýlaşýarlar
ABŞ, Nawalnyýyň Ýogalmagy Sebäpli Russiýa Sanksiýa Goýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Finlýandiýa we Şwesiýa Rus Ilçilerini Daşary Işler Ministrliklerine Çagyrdy
Russiýada Oppozisioner Nawalnyýyň Ýogalmagyndan Soň Başlan Protest Ýörişleri Dowam Edýär