Rus Miliarderleri Söweşe Garşy Durýar

Rus Miliarderleri Söweşe Garşy Durýar

Tanymal rus işewür adamy we Russiýanyň iň uly banklaryndan biri bolan Tinkoff bankyň ýolbaşçysy Oleg Tinkow, Ukrainadaky ýagdaýyň kabul edilmesizidini we söweşe garşydygyny aýtdy.

Tinkow, sosial mediadan beren habarnamasynda, rak keseline sezewar bolanlaryň hassalykdan halas bolmagy üçin tagalla edýändiklerini gürrüň berdi.

Özüniň hem rak keseline garşy göreşýändigine ünsi çeken Tinkow “Jan saglygynyň nähili möhümdigini bilýärin. Häzirki günlerde Ukrainada her gün asuda ilatdan köp sanly adam ýogalýar, bu kabul edilmesiz” diýdi.

Tinkow, döwletleriň pulyny söweşiň ýerine halkyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy üçin sarp etmelidigine ünsi çekdi we “Biz bu söweşe garşy” diýdi.

Ozal hem rus miliarderler Mihail Fridman bilen Oleg Deripaska, Russiýanyň Uukraina garşy guraýan hüjümlerine garşylyk görkezipdi we parahatçylyk çagyryşyny beripdi.

Ýene degişli makalalar

Belarussiýada geçirilen Prezident saýlawynyň resmi netijeleri aýan edildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Russiýa Ukrainanyň Harkow şäherine hüjüm gurady
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi