Rus lider Demirgazyk Koreýada saparda bolýar

Rus lider Demirgazyk Koreýada saparda bolýar

Ýurduň paýtagty Phenýan şäherine baran Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen duşuşyk geçirdi.

Iki lider ünsleri özüne çekýän ylalaşyk baglaşdylar.

Putin ylalaşyk bilen iki ýurduň arasynda harby hyzmatdaşlygyň ösdürilip bilinjekdigini beýan etdi.

Rus lider taraplaryň birine hüjüm guralan halatynda, ylalaşygyň çäginde beýleki ýurduň kömek edip biljekdigini habar berdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn ylalaşygyny "taryhy bir waka" hökmünde häsýetlendirdi.

Kim Çen Yn Demirgazyk Koreýa-Russiýa gatnaşyklarynyň "alýans" derejesine göterilendigini beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Wladimir Putiniň Demirgazyk Koreýa sapary Günbatar tarapyndan hem ýakyndan gözegçilik edilýär.

Putin Demirgazyk Koreýadan soň bolsa Wýetnama sapar gurar.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
ABŞ Demirgazyk Koreýa Russiýa bilen bagly çagyryş berdi
Demirgazyk Koreýa raketa synagyny geçirdi
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy
Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar