Rus kompaniýasy Türkmenistana deňiz syýahatçylygyna başlar

varlamov.ru-nyň fotosuraty

Orsýetiň “Moskwa syýahatçylyk floty” (Мостурфлот) kompaniýasy 2019-njy ýyldan başlap, Kaspi deňzi boýunça Bakuwdan Russiýanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň portlaryna barýan deňiz syýahatçylygyny amala aşyrar. Bu barada PortNews neşiri habar berýär.

“Mosturflotuň” baş direktorynyň orunbasary Swetlana Gonçarowanyň sözlerine görä, deňiz syýahatçylygy Orsýetde öndürilen “derýa-deňiz” klasly gämilerde amala aşyrylar.

“Bu syýahatçylyklar Bakuwdan başlanar, soňra gämiler Eýrana, Türkmenistana barar, Hazar deňzi boýunça Mahaçgala, Derbende sowlup, ondan soň ýene Bakuwa dolanyp barar” diýip, Gonçarowa gürrüň berdi.

Häzirki pursatda deňiz syýahatçylygynyň we wizalaryň bahasy barada maglumat berilmeýär.

Ýatladýarys, ozal Orsýetden Türkmenistana guraljak syýahatçylyk saparlary barda hem habar berlipdi.

Syýahatçylara goşulan gezelenç Türkmenistanda 2 gije/3 gün bolup, soňra Taýlanda 4 gije/ 5 gün dynç alyş ekskursiýasy hem teklip edilýär.

Goşulan syýahatyň bahasy uçulan şähere we Taýlandda saýlanyp alnan oteliň bahasyna bagly. Iki gün Aşgabatda we bir hepde Pattaýda bolmagyň mysaly bahasy 140 müň rubl ýa-da 2400 dollara golaý.

Mary, Daşoguz şäherlerine gitmek bilen Aşgabatda bäş gün galmagyň we bir hepde Taýlandda bolmagyň bahasy 195 müň rubl ýa-da $3 360.

Myhmanlar Türkmenistanda bolan wagtynda hemişe ýolbelediň gözegçiliginde bolar.

Şeýle-de, Türkmenistana barmak isleýänleriň ýurda uçup baranlaryndan soň 153 dollar möçberinde wiza ýygymyny tölemekleri zerur. Syýahatçylyk üçin öňräginden ýüz tutmaly, sebäbi wizalary resmileşdirmek 10 güne çenli wagt alýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Pakistandaky AgriTech halkara konferensiýa we sergä gatnaşarlar
Aşgabatda daşary ýurt ýyldyzlarynyň konsertlerine petekler satuwa çykaryldy, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň netijeleri, Aşgabat bilen Bangkokyň arasynda göni howa gatnawlary dikeldildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň we Taýlandyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýyl bilen Hamas 6-njy gezek ýesir alyş-çalşygyny amala aşyrdylar
Ynsanperwer arakesmäniň möhledi uzadyldy