Rus kinosynyň hepdeligi jemlendi

Rus kinosynyň hepdeligi jemlendi

Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen ýurduň Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilen rus kinosynyň hepdeligi jemlendi. 9-njy iýunda badalga alan hepdeligiň dowamynda rus medeniýetine degişli bolan birnäçe çeper we animasion filmler görkezildi.

Aşgabat kinoteatrynda režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň komediýa žanrynda döreden Iň soňky batyr atly çeper filminiň 2017, 2020, 2021-nji ýyllarda düşürilen bölümleri görkezildi.Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Hepdelik bu filmiň 2021-nji ýylda düşürilen Tümlügiň ilçisi bölümi bilen badalga aldy. Şeýle hem bu ýerde 13 sany multfilm görkezilip, olaryň arasynda 1997-nji ýylda režissýorlar Ýuriý Butyriniň, Aleksandr Lýutkewiçiň, Andreý Ignatenkonyň bilelikde surata düşüren Bilmezejik Aýda, režissýor Ilýa Maksimowyň 2003-nji ýylda ýaýlyma berlen Göýdük burunlak, režissýor Konstantin Bronzitiň 2004-nji ýylyň önümi bolan Alýoşa Popowiç we ýylanbaş Tugarin multfilmleri hem bar.

Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň kinoteatrynda geçen ýyl surata düşürilen çeper filmler görkezildi.Hepdeligiň dowamynda bu ýerde režissýor Renat Dawletýarowyň maşgala durmuşyndan söz açýan Jadygöýler, Dmitriý Dýaçenkonyň hem şol tema degişli Çeburaşka atly filmleri tomaşaçylar köpçüligine ýetirildi. Şeýle hem bu ýerde kiçi ýaşly tomaşaçylar üçin Konstantin Feoktistowyň Şazada Iwan we çal möjek — 5 hem-de Wasiliý Rawenskiniň Ermitažyň pişikleri multfilmleri görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary derejeli orden we medallar gowşuryldy
Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Serdar Berdimuhamedowa Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin atly medal gowşuryldy