Rus kärhanasy Ukrainada ýere gaçyryljak F-15 we F-16 kysymly uçarlar üçin pul sylagyny berer

Rus kärhanasy Ukrainada ýere gaçyryljak F-15 we F-16 kysymly uçarlar üçin pul sylagyny berer

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda garaýyşlaryny beýan eden we pul sylaglaryny gowşuran FORES kärhanasynyň başlygynyň wekili Ilýa Potanin: "Şu gün 17 sany Abrams we Leopard tanklary üçin pul sylaglaryny berdik. Her bir tank üçin 500 müň rubl berildi" diýip habar berdi.

Şoňa meňzeş sylaglaryň harby uçarlar üçin hem berilmegi barada karara gelendiklerini aýdan Potanin: "F-15 we F-16 harby uçarlarynyň ýok edilmegi hem höweslendiriler. Ilkinji ýok edilen uçarlar üçin 15 million rubl (takmynan 170 müň dollar) bolar" diýip beýan etdi.

ABŞ-nyň goranmak ministri Lloýd Ostin 10-njy iýulda beren beýanatynda, ABŞ, Gollandiýa we Daniýa döwletlerinden emele gelen koalisiýanyň Ukraina F-16 harby uçarlaryny bermek üçin iş alyp barýandygyny belläp: "F-16-laryň berilmek tapgyry resmi ýagdaýda dowam edýär we Ukraina şu ýylyň tomus aýynda F-16-lary uçurar" diýip aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Abrams Tanklary Ukrainada Peýdalanylmaga Başlanar
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Goranmak Ministrleri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ýaşar Güler, NATO-nyň Goranmak Ministrleriniň Maslahatyna Gatnaşdy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ýaşar Güler Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbedeş Boldy