Rus internet firmasy Ýandeksiň esaslandyryjysy Arkadiý Wolož, Ukrainadaky söweşe garşydygyny aýtdy.
Wolož, rus köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda, şu günki güne çenli “käbir sebäpler üçin” dymandygyny ýatlatdy.
“Men bu söweşe garşy” diýen Wolož, Ukrainada dogan-garyndaşlarynyň we dost-ýarlarynyň ýaşaýandygyny nygtady.
Wolož “2014-nji ýyldan bäri Russiýada ýaşamaýandygyma garamazdan ýurdunyň bu hereketinde meniň hem paýymyň bardygyny bilýärin” diýdi.
ÝB tarapyndan sanksiýa goýlan Arkadiý Wolož, dekabr aýynda Ýandekstden aýrylandygyny mälim edipdi.