“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”

“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýurduň demirgazygyna Russiýa tarapyndan guralmagy ähtimal hüjümiň öňüni almak üçin Kursk sebitine hüjüm guramak boýunça karar kabul edendiklerini aýtdy.

Zelenskiý, her ýylyň sentýabr aýynda Italiýada geçirilýän Ambrosetti forumynyň Ukraina-Russiýa söweşi oturlyşygyna gatnaşdy.

Halkynyň her gije uçarmansyz howa ulaglarynyň we raketalaryň ýüzlerçe hüjüm howpuna sezewar bolýandygyny aýdan Zelenskiý, “Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin, has köp çagany öldürmek üçin raketa atmaga çalyşýar. Biz elimizden geldigiçe özümizi goramaga çalyşýarys. Olar şol bir wagtda Eýrandan gelen balistiki raketalar bilen hüjüm edýärler” diýdi.

Italiýanyň ýurduna berýän goldawlary üçin sagbolsun aýdan Zelenskiý “Biz söweşiň bes edilmegini isleýäris, emma Russiýa bize söweşmekdan başga ýol goýmady” diýip belledi.

Kurska garşy guralýan hüjümler hakynda hem durup geçen Zelenskiý, “Ukraina, ýurduň demirgazygyna guralyp bilinjek rus hüjümleriniň öňüni almak üçin Russiýanyň Kursk sebitine hüjüm guramaga başlady” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Rus Goşunynyň Guran Soňky Hüjümde 4 Adam Ýogaldy
“Soňky Hüjüm Russiýanyň Asla Parahatçylyk Islemeýändigini Açyk Aýdyň Görkezýär”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ Demirgazyk Koreýa Bilen Bagly Habarlary Seljerýär
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"
Russiýa Ukrainanyň Donetsk sebitindäki 2 ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy