Ukrainanyň İçeri işler ministri İgor Klimenko sosia media hasabyndan beren habarnamasynda Russiýanyň hüjümleri sebäpli Ukrainanyň 3 şäherinde binalara zeper ýetendigini mälim etdi.
Gi. Ara Russiýanyň Donesk sebitiniň Mirnograd şäherine raketa hüjüminiň gurulmagy sebapli 5 gatly binanyň bölekleýin ýykylandygyny beýan eden Klimlenko; “Gözleg-halas ediş toparlary hüjüm sebäpli harabalygyň aşagynda galan 2 adamyň jesedini tapdy. Harabalykdan biri çaga 6 adam halas edilen bolsa, 4 adam ýaralandy” diýip ýazdy.
Klimlenko rus goşunynyň gije Sumi sebitindäki 5 gatly binany hem raketa bilen urandygyny beýan edip; “15 öý ýok edildi, gözleg-halas ediş toparlary 10 adamy halas etdi, azyndan 8 adam ýaralandy, 3 adamdan habar ýok” diýdi.
Russiýanyň Kirow Rog şäherindäki bina guralan raketa hüjümi sebäpli 4 adamyň ölendigini mälim eden ministr Klimlenko, hüjümde ýaralananlaryn sanynyn 50 adama barabardygyny beýan etdi.
Ukrainanyň hem Russiýanyň territoriýasyna 58 dron bilen hüjüm synanşygyny edendigi habar berildi.
Russiýanyň Goranmak ministrliginden hüjümler hakynda berilen beýannamada; “Resmi Kiýewiň Russiýadaky pozisiýalara uçar görnüşli dronlar bilen terror hüjüminiň öňi alyndy” diýilýär.