Rus Halky Täze Prezidentini Saýlamak Üçin Ertir Ses Bermäge Başlar

Rus Halky Täze Prezidentini Saýlamak Üçin Ertir Ses Bermäge Başlar

Ukraina bilen 2 ýyldan bäri söweşýän Russiýada saýlawçylar täze prezidentini saýlamak üçin ses bermäge başlar.

Ýurtda mart aýynyň 15-16-sy we 17-si aralygynda geçiriljek prezident saýlawynda bellige alynan 112 million 309 müň 947 saýlawçy ses berer.

Russiýanyň daşary ýrutlardaky wekilhanalarynda 1 million 890 müň 863, Gazagystandaky rus Baýkonur emeli hemra merkezinde 11 müň 924 saýlawçy ses berer.

Prezident saýlawynda 4 dalaşgär bäsleşer.

Häzirki prezident Wladimir Putin, Birleşen Russiýa partiýasynyň goldaw bermeginde garaşsyz dalaşgär hökmünde saýlawa gatnaşýar.

Saýlawlara 36 ýurtdan we Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy we Kollektiw howpsuzlyk şertnasmasy guramasy bilen birlikde 5 halkara guramadan 200-den gowrak synçy gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Halky 9-njy Prezidentini Saýlamak Üçin Ses Berýär
15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň indiki garşydaşy Indoneziýa 9:0 hasabynda ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
Aýbek Tatanow: Merw ýeňşi janköýerleri bilen bile gazandy
Alikperow we Bäşimow janköýerlere hoşallyk bildirdi