"Rus halky biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy

"Rus halky  biziň uly doganymyz": SSSR respublikalarynyň gimnleri rus halkyny nädip wasp etdi; ony kolonizasiýa hasaplap bolarmy

Sowet Soýuzy 30 ýyl mundan gowrak ozal dargady. Öňki Sowet respublikalarynyň käbirleri, meselem, Baltika döwletleri häzirki wagtda SSSR-iň gelmegini basybaljylyk hasap edýärler, käbirleri bolsa öz territoriýasynyň Orsýet tarapyndan "kolonizasiýa" edilendigini aýdýarlar.

Meýletin birleşme däl-de, kolonizasiýa diýilmegine subutnamanyň bir mysaly hökmünde, bilermenler SSSR-de rus diliniň öňde tutulmagyny we Russiýanyň, şol sanda rus halkynyň "uly dogan" hökmünde orun eýelemegini görkezýärler. Munuň bir mysaly, ozalky SSSR-iň 15 respublikasynyň 12-siniň milli gimninde, rus halky öňde goýulýar ýa-da Russiýa, adatça düzgün boýunça, öwgüli sözler bilen ileri tutulýar.

Sowet respublikalarynyň gimnlerinde ruslar ýa-da Russiýa barada aýdylanlar:

Azerbaýjan SSR-i

Рәшадәтли рус халгыдыр

Adalatly rus halkydyr

Ermenistan SSR-i

Մեծ Ռուսիան

Beýik Russiýa

Belarus SSR-i

Мы, беларусы, з братняю Руссю

Biz, belaruslar, Russiýa bilen dogan

Gruziýa SSR-i

Gazagystan SSR-i

Көп алғыс айтамыз ұлы орыс халқына

Köp alkyş aýdýarys uly orus halkyna

Gyrgyzystan SSR-i

Улуу орус достук менен кол берип

Uly ruslar dostluk bilen gol berip

Latwiýa SSR-i

Ar diženās Krievzemes tautu

Beýik Russiýanyň halky bilen

Litwa SSR-i

Didi rusų tauta

Beýik rus halky

Moldawiýa SSR-i

Ку Русия маре

Beýik Russiýa bilen

RSFSR

Täjigistan SSR-i

Чу дасти рус мадад намуд

Rus eli bize ýardam berende

Türkmenistan SSR-i

Бу достлугың аркадагы рус халкы

Bu dostlugyň arkadagy rus halky

Özbegistan SSR-i

Ассалом, рус халқи, буюк оғамиз

Salam, rus halky, beýik agamyz

Ukraina SSR-i

Був другом і братом російський народ

Rus halky dostumyz hem doganymyz boldy

Estoniýa SSR-i

Bu näme üçin şeýle boldy we bu nädip milli respublikalaryň gimninde orun aldy? Nastoýaşeýe Wremýa telekanaly Sowet Soýuzyndan soň emele gelen ýurtlaryň birnäçe taryhçylaryndan, bu barada gürrüň bermegi haýyş etdi.

"Olar aslynda sowet gimnini gaýtalaýardylar" diýip, ukrain taryhçysy Wolodymyr Sergeýçuk aýdýar.

Sowet Soýuzynyň esasy gimniniň ikinji setirinde: "Beýik Russiýa baky birleşdirdi" diýen sözler bar. Bu giňden ýaýran umumy gimn bolsa, respublikalara gimniň nähili kabul edilmelidigi baradaky aýdyň mysal bolup durýardy diýip, gyrgyz taryhçysy Tynçtykbek Çorotegin düşündirýär.

"Uly dogan"

SSSR-iň gimni we Soýuz respublikalaryň köpüsiniň gimnleri 1940-njy ýyllarda döredildi. Takmynan şol döwürde-de Sowet ideologiýasynda "uly dogan" we rus halkynyň aýratyn orny baradaky mowzuk peýda bolup başlady. Bu tema ilki SSSR-iň gimninde peýda boldy we soňra ähli sowet respublikalarynyň gimnlerinde görnüp ugrady diýip, rus taryhçysy Sergeý Abaşin aýdýar.

1945-nji ýylda Stalin bir dabaraly çärede "rus halkynyň şanyna" tost göterdi. Bu aýratyn bir tost, ol şonda rus halkynyň iň esasy halkdygyny, ähli jogapkärçiligi öz üstüne alýandygyny aýtdy. Görşümiz ýaly, bu dil hut Stalin tarapyndan meşhur edilipdi diýip, ol nygtaýar.

Hawa, ol wagtlar "beýik rus halky" diýen jümle howada uçýardy ýa-da şoňa meňzeşdi diýip, gruzin taryhçysy Swimon Masharaşwili onuň bilen ylalaşýar. Ýöne ýaranjaňlygy we şuňa meňzeş sözleri milli gimne goşmaga hiç kim hiç kimi mejbur etmändi. Şeýle-de bolsa, käbir respublikalar ol jümläni öz gimnine goşdular.

Näme üçin? Ýa-ha umumy syýasata garşy gitmekden gorkup ýa-da milli ruhuň ýetmezçiligi sebäpli etdiler.

SSSR-iň diňe üç respublikasynyň gimnleri rus halkynyň aýratyn orny barada waspnama aýtmady. Bular Gruziýa SSR-i, Estoniýa SSR-i we RSFSR, ýagny Russiýanyň özi bolupdy.

Gruziýa we Estoniýa

Olaryň, mysal üçin, Gruziýa SSR-niň gimninde, näme üçin rus halkynyň wasp edilmeýändigi barada, anyk maglumat ýok. Taryhçylar muňa iki dürli sebäp görkezýärler. Bir aýdylyşyna görä, şol wagtlar SSSR-iň baştutany bolan Staliniň özi-de gruzin bolandygy sebäpli, Gruziýa özi üçin käbir eglişikleri alyp bilýärdi diýip, taryhçy Wolodymyr Sergeýçuk aýdýar.

Swimon Masharaşwili muny başgaça hasap edýär:

"Eger 1945-1946-njy ýyllarda gruzin döwletiniň rus halkynyň öňünde borçludygyny kimdir biri konstitusiýamyza, ýagny gimne girizmäge synanyşan bolsa, gruzin bolanlar aýaga galardy" diýip, taryhçy aýdýar.

Estoniýa bilen bagly ýagdaý biraz tapawutlanýar. Taryhçylaryň köpüsi bu ýurdy beýleki Baltika döwletleri Latwiýa we Litwa bilen bilelikde göz öňünde tutýarlar. Ýöne iki goňşy respublikanyň gimnlerinde "beýik rus halky" agzalyp geçýärdi.

"Ruslaryň sowet halklarynyň uly dogany hökmünde ileri tutulmagy, bu sowet milli syýasatynyň köp sanly ururlarynyň diňe biri bolupdy diýip, taryhçy Olaf Mertelsman düşündirýär. Eger-de talap edilýän 8-9 bölekden 5-6 bölegi ýerine ýetirilse, şol ýeterlikdi. Latwiýanyň we litwanyň döwlet gimnlerinde bolup, Estoniýanyň gimninde ruslaryň agzalmaýandygynyň anyk sebäbi ýok.”

RSFSR-iň gimninde, rus halky barada bir sözem ýok

Şeýlelikde, näme üçin Russiýanyň, has takygy, Russiýa Sowet Sosialistik Federatiw Respublikasynyň gimninde rus halky wasp edilmedi? Sebäbi XX asyryň 90-njy ýyllaryna çenli, RSFSR-iň aýratyn gimni ýokdy. Russiýada ähli ýerde SSSR-iň gimni ýerine ýetirilýärdi.

Russiýanyň aýratyn gimni diňe 1990-njy ýylda, SSSR-iň dargamagyndan bir ýyl öňinçä peýda boldy. Ýöne şol gimnde-de rus halky barada söz ýokdy, aslynda gimniň teksti goşgusy ýokdy, diňe kompozitor Mihail Glinkanyň sazy alnypdy.

Epilog

SSSR respublikalarynyň gimnleriniň indi 30 ýyldan köp wagt bäri aýdylmaýandygyna garamazdan, olaryň äheňi öňki sowet respublikalaryndan bolanlaryň gatnaşyklaryna şindizem täsir edýär.

Köne gimnlerde bolan şol jümleler GDA döwletlerinden bolan ýaşuly nesliň aňyna çuňňur ornaşypdyr diýip, Tynçtykbek Çorotegin boýun alýar. Mysal üçin, Solowýow, Skabeýewa, Simonýan (rus propagandaçylary NW) olaryň Ukrainadaky uruş baradaky şowunistik, bir taraply ritorikasy köne rusofil pikirini güýçlendirýär. Şonuň üçinem Gyrgyzystanda henizem "uly rus halkyna" çokunýanlar bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Nesilden nesle geçýän dissidentler ýurdy. SSSR dargamazynyň öňüsyrasynda, respublikalardaky milli hereketler. Türkmenistan
Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiri
DT: Türkmen döwleti 100 ýaşady
Daýhanlar özleriniň kärende ýerlerinden bir ýylda ikinji hasyl almak üçin indi döwlete 1400 manat ýer tölegini tölär
Halklaryň huşasty gorlary nakyllar we atalar sözi: Gassaba ýag gaýgymy ýa-da jam gaýgymy?