Ukrainanyň Döwlet baştutanynyň ofisiniň başlygynyň orunbasary Kirilo Timoşçenko Telegram hasabyndan beren beýannamasynda, Russiýanyň düýn Ukrainanyň tapawutly şäherlerinde we ýaşaýyş ýerlerinde guran hüjümleri barada maglumat berdi.
Winnisa, Dnepr, Zaparožýe, Lwow we Donetsk sebitlerine garşy Rus güýçleriniň guran hüjümlerinde asuda ilatdan 14 adamyň ýogalandygyny aýdan Timeşçenko, 34 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi.
Russiýanyň harby güýçleriniň Ukrainanyň Donetsk sebitinde guran hüjümlerinde asuda ilatdan 6 adam ýogalypdy.
Donetsk welaýatynyň häkimi Pawel Kirilenko sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň harby güýçleriniň Donetsk sebitinde soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde asuda ilatdan 6 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň bolsa ýaralanandygyny habar berdi.
Ukrainanyň goşunynyň Günorta serkedeliginden berilen beýanatda bolsa Herson sebitinde 5 ýaşaýyş zolagynyň rus güýçlerinden yzyna alynandygy mälim edildi.
Mundan başgada Nikolaýew sebitinde Russiýanyň harby güýçleri tarapyndan ugradylan 9 kamikaze uçarmansyz howa ulagynyň Ukrainanyň goşunynyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan ýok edilendigi aýan edildi.
Ukrainanyň harby güýçleri 29-njy awgustda Herson sebiti başda bolmak bilen ýurduň günortasynda rus harby birikmelerine garşy hüjüm başladypdy.
Beýleki tarapdan Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow, Germaniýdan howa goranyş ulgamlaryny alandyklaryny habar berdi.
Reznikow Twitterden beren beýanatynda: "Ukrainanyň howa goranyş ulgamynda täze eýýam başlady. Germaniýadan IRIS-T kysymly howa goranyş ulgamlary geldi. ABŞ-dan NASAMS ulgamlary gelýär. Bu diňe başlangyç. Mundan has köp ulgama zerurlygymyz bar" diýip belledi.