Rus Güýçleri Hersondan Dolulygyna Çekildi

Rus Güýçleri Hersondan Dolulygyna Çekildi

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Herson şäherindäki rus giýçleriniň dolulygyna Dnepr derýasynyň çep ýakasyna çekilendigini, derýanyň sag ýakasynda harby toparyň galmandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow, rus harby güýçleriniň 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşinde ýeten sepgidi hakynda maglumat berdi.

Rus goşunynyň Hersondan çekilmegi barada hem durup geçen Konaşenkow “Şu gün irden rus güýçleri dolulygyna Dnepr derýasynyň çep ýakasyna çekildi. Derýanyň sag ýakasynda harby topar galmady” diýdi.

Konaşenkow, harby güýçler Hersondan çekilýärkä hiç hili adam pidasynyň çekilmändigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Ministr Kajyr Saraýewoda Saparda Boldy
" Ukrain Goşunyna Zarba Urmaga Dowam Edýäris"
Igor Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Tussaghana Guralan Hüjümde Ýogalanlaryň Sany Artdy