Rus goşuny Ukrainanyň Lwow şäherine raketa bilen hüjüm gurady

Rus goşuny Ukrainanyň Lwow şäherine raketa bilen hüjüm gurady

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý, X hasabyndan beren beýanatynda rus goşunynyň Lwow şäherine raketa bilen hüjüm gurandygyny habar berdi.

Hüjümiň raýat infrastrukturasyna guralandygyna ünsleri çeken Zelenskiý, hüjümiň netijesinde 1-i çaga jemi 5 adamyň ýogalandygyny, 30-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny belläp: "Şäherdäki adaty ýaşaýyş binalaryna, mekdeplere we saglygy goraýyş desgalaryna zeper ýetdi" diýip beýan etdi.

Rus goşunynyň mundan başgada Kriwoý Rog şäherine raketa bilen hüjüm gurandygyny aýdan Zelenskiý, şol hüjümde hem 5 adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.

Ukrainanyň şäherlerine garşy rus hüjümlerini "terrorçylykly aksiýalar" hökmünde häsýetlendiren Zelenskiý, dünýäniň Ukraina garşy guralýan hüjümleriniň öňüniň alynmagy üçin zerur bolan goldawy dowam etdirmegi barada çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

“Rus Hüjümleriniň Öňüni Almak Üçin Kurska Hüjüm Guramaga Başladyk”
“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”
Zelenskiý, Rus Goşunynyň Howa Hüjümine Garşylyk Görkezdi
Zelenskiý Ýeňiş meýilnamasynyň 90 göterimden gowragynyň ýazylandygyny habar berdi
Zelenskiý Ukrainanyň täze ballistik raketa synagyny geçirendigini habar berdi
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär