Rus Goşuny Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Rus Goşuny Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Rus goşunynyň, Ukrainanyň Mikolaýew sebitine guran raketa hüjüminde 1 adam ýogaldy, 16 adam ýaralandy.

Mesele hakynda berlen beýannamada, Russiýanyň S-300/400 raketalary bilen sebite hüjüm edendigi nygtaldy.

Beýannamada, “Hüjümde naharhana, söwda merkezlerine, ýaşajaýyş jaýlaryna we ulaglara zeper ýetirildi. Hüjümden soň başlan ýangyn heniz gözegçilik astyna alnyp bilinmedi. Hüjüm sebäpli 1 zenan ýogaldy, 16 adam ýaralandy” diýildi.

Ukrainanyň Howa güýçleri serkerdeliginden berlen beýannamada bolsa, Russiýanyň düýn gije Mikolaýew sebitinde S-300/400 kysymly raketalar bilen, Çernigiw we Sumi etrapçalaryna hem X-59 kysymly 2 raketa bilen we “Şahed” kysymly 17 sany uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm edendigi nygtaldy.

Beýannamada, howa güýçleriniň 12 sany uçmarmansyz howa ulagyny Kiýew, Odessa we Poltaw şäherinde urup düşürendigi bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Russiýa Garşy 121 Uçarmansyz Howa Ulagy Bilen Hüjüm Gurady
Türkiýe Pakistanda Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Russiýa- Ukraina Söweşi Dowam Edýär
“Ukrainanyň Guran Uzak Aralykly Hüjüm Synanşygyna Degişli Gaýtawuly Görkezeris”
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyndaky keselhana guran hüjüminde saglygy goraýyş işgärleri ýaralandy
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi