Rus goşuny Donetskdäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy

Rus goşuny Donetskdäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagyny gözegçiligi astyna aldy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Russiýanyň Ýaragly güýçleriniň Ukraina urşundaky hereketleri barada maglumat berildi.

Rus goşunynyň Ukraina frontundaky pozisiýalaryny gowulaşdyrandygy bellenen beýanatda, Russiýanyň goşunynyň Ukrainanyň Donetsk sebitindäki Georgiýewka ýaşaýyş zolagynyň gözegçiligini ele geçirendigi habar berildi.

Soňky 24 sagatda 142 sebitde Ukrainanyň goşunynyň aragatnaşyk merkezleri, tankydy ähmiýete eýe bolan howa menzil infrastrukturalaryna, ukrainaly esgerleriň we harby enjamlaryň ýerleşýän nokatlara hüjümleriň guralandygy aýdylýan beýanatda, Ukraina degişli 41 uçarmansyz howa ulagynyň rus howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Harby operasiýanyň başlan güni bolan 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri Ukrainanyň goşunyna degişli 646 uçar, 283 dikuçar, 31 müň 765 uçarmansyz howa ulagy, 579 howa goranyş ulgamy, 18 müň 167 tank we sowutly ulag, 1455 köp nilli raketa ulgamy, 14 müň 813 gaubisa we minomýot bilen 26 müň 203 ýörite harby ulag ýok edildi" diýip aýan edildi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi mundan başgada Ukrainanyň goşunynyň 6-njy awgustdan bäri Kursk ugrunda 14 müň 950 esgerini, 122 tankyny, 52 harby ulagyny, 93 sowutly ulag göterijisini we 768 sowutly ulagyny ýitirendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly palwanlar 2024-nji ýyly ýeňişleriň tapgyryna besleýärler
HPG Ykdysady Ösüşiň Ýylyň Ahyrynda Kadalaşmaga Başlamagyna Garaşýar
Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Gruziýanyň Goranmak Ministri Azerbaýjanda Saparda Boldy
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Turkmenportalda myhmançylykda boldular
Bilýärdiňizmi: Mergen Orazow ― GDA-da milli ýygyndylaryň iň ýaş baş tälimçisi