Skibitski “Ze Ekonomist” gazetine beren interwýusynda şäherdäki depe pozisiýasynyň möhümdigini, elden gidirilen halatynda Donesk sebitiniň soňky uly şäherine barýan ýolun açyljakdygyny aýtdy. Skibitski “Elbetde şu gün ýa-da ertir däl, ähli zat äýiýaçlarymyza, üpjünçiligimize bagly” diýdi.
Skibitski Russiýanyň Donesk we Lugansk sebitlerindäki ähli gündogar şäherini almagy meýilleşdirýändigini, şol maksadyn 2022-nji ýyldan bäri üýtgemändigini beýan etdi. Wadim Skibitski rus goşunlarynyň 9-njy maý Ýeňiş gününe, eger bolman halatynda Prezident Wladimir Putiniň Pekin saparyna çenli üstünlik gazanmaklary boýunça görkezme alandyklaryny hem nygtady.
Skibitski Ukrainadaky ýarag ýetmezçiligi sebäpli alada bildirdi we aprel-maý aýlarynyn ýurt üçin elmydama agyr geçendigini aýtdy.