Rus diplomaty: Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryna YD wehim salýar

Rus diplomaty: Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän etraplaryna YD wehim salýar

Kuzmin bu terrorçy toparyň düýp agzalarynyň Owganystandaky umumy sanynyň 4 müňden aşýandygyny aýtdy: “YD-çylar geljekde sebitdäki beýleki döwletlere aralaşmak üçin Owganystany jeň meýdanyna öwürmekde işjeň iş alyp barýarlar. Ýykgynçy toparyň esasy düýp düzümi azyndan 4 müň jeňçi bolup, olar esasan Kunar we Nangarhar welaýatlarynda toplanan” diýip, russiýaly wekil BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi.

Ol Owganystandaky “Yslam döwleti” jeňçileri bilen bagly iň howply şertleriň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän owgan etraplaryna wehim salýandygyny aýtdy. “Ol ýerlerde YD-çylaryň sany 1 müň 300 adam töwereginde” diýip, Kuzmin belledi.

Metbugat habarlaryna görä, ýokary derejeli russiýaly resmiler soňky bir ýylyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň owgan serhedine alada bildirip geldi. 21-nji maýda Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) başlygy Aleksandr Bortnikow Täjigistana eden saparyndan soň, Owganystanyň post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän demirgazyk çäklerinde YD-yň şahamçasyna degişli 5 müň töweregi söweşijiniň ýygnanandygyny aýdyp, serhet howpsuzlygynyň güýçlendirilmegine çagyryş edipdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Howpsuzlyk Geňeşleriniň 21-nji noýabrda Moskwada geçiren ýygnagynda eden çykyşynda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň (KHŞG) ýolbaşçysy Waleriý Semerikow Owganystanyň Türkmenistan we Täjigistan bilen serhetleşýän çäklerinde güýçli ekstremist toparyň döremek howpunyň bardygyny aýtdy.

Onuň öňýany, 14-nji noýabrda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “RIA Nowosti” habar agentligi GDA agza ýurtlaryň Serhet goşunlarynyň serkerdebaşylar geňeşiniň Gyrgyzystanyň Tokmok şäherinde geçiren ýygnagyna salgylanyp, türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk şertleriniň ýaramazlaşýandygyny habar beripdi.

Bu maglumaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýörite beýanat ýaýradyp ret edipdi. Ýöne şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň noýabr aýyndan başlap, türkmen häkimiýetleri ätýaçdaky serkerdeleri hasaba almak işlerini güýçlendirdi.

Galyberse-de, Azatlygyň ýerli habarçylary maýda orta mekdebi tamamlan 18 ýaşyny dolduran erkek okuwçylaryň arasynda dessine harby gulluga äkidilen raýatlaryň, şeýle-de daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentlerinden dynç alşa ýurda dolananlaryň arasynda Aşgabadyň aeroportundan göni harby gulluga çagyrylan raýatlaryň bolandygyny habar beripdi.

Mundan ozal, media we metbugat habarlarynda Yslam döwleti ektremist toparynda asly türkmenistanly jeňçileriň hem hereket edýändigi barada habarlar berlipdi. Ýatlasak, şu ýylyň martynda “Yslam döwletiniň” hatarynda Siriýada ele salnan türkmenistanlydygy aýdylýan bir jeňçiniň wideosy kürt habar serişdelerinde peýda bolupdy. 24-nji maýda Azatlyk Radiosynyň Owganystanyň demirgazyk sebitlerindäki çeşmesi Farýap welaýatynda özlerini türkmenistanly diýip tanyşdyrýan YD toparynyň dört jeňçisine duşandygyny habar berdi.

Türkmen howpsuzlyk resmileri bu maglumatlary tassyklap ýa-da inkär edip köpçülikleýin habar serişdelerinde çykyş etmeýär.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk kadaly ABŞ-ly resmi
Owgan howpsuzlyk resmisiniň Aşgabada eden saparynda howpsuzlyk maslahat edildimi?
Halk mejlisi Türkmenistanyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky ýadawlygy açyp görkezdi - syýasy synçy
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
“Amul Hazar 2018” türkmen sportunyň nobatdaky üstünligi
10.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany