Rus diline täze üç söz girizildi

Rus diline täze üç söz girizildi

Rus diline täze üç sözi resmi taýdan girizdiler, ýagny kopter, poçtomat, fotowideofiksasiýa (коптер, почтомат, фотовидеофиксация) sözleri indi sözlükde orun aldy diýip, Westi habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Bu sözler söhbetdeşliklerde köp agzalýar, indi olar ýurduň Winogradow adyndaky rus dili institutynyň sözlügine-de girizildi. Dilde täze sözler hemişe peýda bolýar, emma olary köplenç dürs ulanmaýarlar. Şonda ýörite edaralara kadalary sazlaşdyrmak gerek bolýar.

Rus dilindäki özgerişlikler bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Winogradow adyndaky insitituty is salyşýar. Ol ýerde täze sözleri orfografik sözlüklerde hasaba almak meseleleri boýunça karar kabul edilýär.

Geçen 2022-nji ýylda rus dilinde 207 sany täze söz peýda boldy, olaryň köpüsi pandemiýa döwründe ulanyşa girdi. Muňa sosial ulgamlar hem täsir edýär, mysal üçin, wideobloger, telegram-kanal (видеоблогер, телеграм-канал) ýaly onlarça sözler internetiň täsiri bilen dile aralaşdy, indi olar rus diliniň resmi berkidilen sözleri hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Balkan Aýdym-Sazynyň Ussady Bregowiç Ankarada Konsert Berdi
Erkek kişi burny bilen ýalt harp ýygmakda rekord goýdy
Erkek kişi burny bilen çalt harp ýygmakda rekord goýdy
"Kompozitor" türkmen filmi "Gorkut ata" kino festiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy
Ykdysady forum geçirildi
Aşgabatda tejribeli kino işgärleri bilen ussatlyk sapagy geçirildi
Gorkut ata halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler