Ministrlikden berilen beýannamada: “Tu-22M3” kysymly 2 rus bombardyman uçarynyn Gara deňizdäki halkara suw giňişliginde meýilleşdirilen uçulary amala aşyrandygy habar berildi.
Şol uçarlara “Su-30CM” we “Su-27” kysymly harby uçarlarynyn ýoldaşlyk edendigi barada aýdylýan beýannamada, uçuşyn 5 sagat dowam edendigi habar berildi.
Şeýle hem “Tu-95 MS” kysymly 2 strategik bombardyman uçlarynyn Barens deňizinde meýilleşdirilen uçuşlary amala aşyrandygy beýan edildi.
Rus uçarlarynyn Arktikada, Demirgazyk Atlantik okeanynda, Ýuwaş okeanda, Gara deňizde we Baltika deňizinde uzgiderli uçuşlary amala aşyrýandygy, uçuşlaryň halkara howa giňişliginiň peýdalanylmagy hakyndaky halkara kadalara laýyklykda geçirilýändigi habar berildi.