Rumyniýanyň Konstitusion kazyýeti 1-nji dekabrda bolan Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň jemlerini ýatyrmak hakda çözgüt çykardy.
Kazyýetiň kararyna laýyklykda, saýlaw işi dolulygyna täzeden dikeldiler. Hökümet onuň möhletini täzeden bellär we zerur çäreleri geçirmek üçin täzelenen senenamany kabul eder diýip, Daryo.uz ýazýar.
Öň, 2-nji dekabrda Konstitusion kazyýet saýlawlaryň birinji tapgyrynyň netijelerini ykrar edipdi, onda sesleriň 22,94 göterimini gazanan dalaşgär Kelin Jorjesku haýran galdyryjy ýeňiş gazandy.Rumyniýany halas ediş bileleşigi garşylykçy partiýasyndan dalaşgär Ýelena Laskoni sesleriň 19,18 göterimini aldy.
Dalaşgärleriň ikisi-de sesleriň 50 göterimini almandygy üçin saýlawlaryň ikinji tapgyry bellendi, onda dalaşgärlerden iň köp ses alan ýurduň ýokary döwlet wezipesini eýelär.