Rumyniýa Türkmenistanda täze diplomatik wekilini belledi

Rumyniýa Türkmenistanda täze diplomatik wekilini belledi

23-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Rumyniýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Ion Nawal bilen duşuşygy geçirildi. Ol ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de diplomatik wezipesinde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky özara hereketleri pugtalandyrmagyň meseleleri, şeýle-de ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde, şeýle-de köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde ýokary derejedäki duşuşyklaryň guralmagynyň zerurlygyny beýan etdiler. Duşuşygyň çäklerinde ilçi Ion Nawal Türkmenistanyň daşary işler ministrine ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy.

Ýene degişli makalalar

Sandu birinji tapgyrda öňdeligi eýeledi
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Rumyniýany Milli güni bilen gutlady
Geljek gyş paslynda hödürlenjek täze awtomobilleriň bäşligi düzüldi
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy
Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Salehi: Iň ösen rak keselini bejermek merkezi ýakyn wagtda Eýranda açylar
Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy